Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär

04:1507.01.2024
0
50857

Şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, ýurtda öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň döwrüň talabydygyny belledi hem-de maglumat tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň