Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji dekabrda Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygyny 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi. Bu barada TASS habar berdi.
«Şeýle duşuşyklary her ýyl ýurtlarymyzyň şäherlerinde gezekli-gezegine guramagyň zerurdygyny ýene bir gezek nygtaýarys. Sözümiň ahyrynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygyny Türkmenistanda geçirmegi teklip edýärin» diýip R.Meredow duşuşykda eden çykyşynda belledi.
R.Meredow şeýle-de beýleki formatlarda hem Hazar «bäşliginiň» hereketleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmäge çagyrdy.
«Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýyl Aşgabat sammitinde öňe sürlen Hazarýaka döwletleriniň işewür hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky teklibini ýatladasym gelýär» diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy nygtady.
Mundan başga-da, R.Meredow öz çykyşynda Hazar sebitinde howpsuzlygy üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
«Hazar deňzi parahatçylyga we ösüşe howp salman, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolup galmalydyr» diýip, ol bu ugurdaky garaýyşyny beýan etdi.