«Uly ýediligiň» (G7) daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşylar. Degişli mesele «Uly ýediligiň» (G7) daşary işler ministrleriniň 7-8-nji noýabrda Tokioda geçiriljek duşuşygynyň gün tertibinden orun alar. Bu barada «Al Jazeera» habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 8-nji noýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň hem daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň «Uly ýediligiň», ýagny Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň gepleşiklerine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, «Uly ýediligiň» Hökümetleri soňky aýlarda Merkezi Aziýa sebitindäki döwletler bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Şol maksat bilen geçen hepdede Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Gazagystanda we Özbegistanda saparda boldy. Şeýle-de, 2024-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň sebite sapar bilen gelmegi meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.