Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar.
Döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň — Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy.
Habarda bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow bu ýerden sanly ulgam arkaly «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurduň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi.
Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler.