Malaýziýada täze Patyşany saýladylar

13:0428.10.2023
0
27276

Malaýziýanyň täze Patyşasy wezipesine ýurduň Johar ştatynyň mirasdüşer hökümdary soltan Ibragim Ismaýyl ibn Almahrum Sultan Iskandar saýlandy diýip, «Bernama» milli habarlar gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Ol ýurduň taryhynda on ýedinji patyşa boldy.

Täze Patyşa öz wezipe ygtyýarlylyklaryna 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişer. Şonda häzirki Patyşa Soltan Abdullanyň ygtyýarlylyk möhleti dolýar.

Malaýziýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurtda Patyşa bäş ýyldan bir gezek saýlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň