Maliýe we ykdysadyýet ministri ÝAÖB-nyň prezidenti bilen duşuşdy

17:0426.10.2023
0
19708

25-26-njy oktýabr aralygynda Brýusselde geçirilen «Global Gateway» forumynyň çäginde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bilen Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň (ÝAÖB) prezidenti Odil Reno-Bassonyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Serdar Joraýew Odil Reno-Bassonyň ýurduň BSG-ä girmekdäki işleri we Türkmenistanyň daşary söwda baradaky Ähtnamasynyň taýýarlygy barada habar berdi.

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Türkmenistanda diňe bir hususy pudak bilen däl, eýsem Ýewropa üçin hem ähmiýetli ulag pudagynda ileri tutulýan sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Orient ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň