BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler

17:2810.10.2023
0
29329
BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler
Surat: gazeta.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Filippo Grandi häzirki döwürde dünýäde ýagdaýyň elhençdigi we barha ýaramazlaşýandygy, şunuň bilen baglylykda haýyr-sahawat boýunça işgärleriň has çylşyrymly şertlerde işlemeli bolýandygy hem-de olara kömek etmek babatda hiç hili syýasy ädimleriň ädilmeýändigi barada beýanat berdi. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Grandiniň sözlerine görä, häzirki wagtda köp adamlar ejir çekýärler, haýyr-sahawatçylar olara ýekelikde kömek etmeli bolýarlar. Ol ýurtlary gapma-garşylyklar we yzarlamalar sebäpli, öýlerini terk etmeli bolýan adamlaryň hukuklary bilen ylalaşmaga çagyrdy.

Ýokary komissar şunuň bilen baglylykda, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça edarasynyň häzir has-da gerekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň