Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ýüplük dünýäsi» dükany örüm örmek we el işleri üçin harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

11:0209.10.2023
0
33488

«Ýüplük dünýäsi» dükany keşdeçi zenanlary we hend-meýd sungatynyň ussatlaryny örüm örmek hem-de el işleri üçin harytlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu ýerde köp sanly zenanlaryň söýgüli senedi bolan örüm örmek sungaty üçin ähli zerur harytlary: ýüplükleri, dürli ululykdaky çişleri we gaňyrçaklary, torbalary ýa-da aýakgaplary taýýarlamak üçin taýyn biçüwleri, ýumşak oýunjaklar üçin doldurgyçlar, hatar hasaplaýjylary, markerleri, örümiň dykyzlygyny ölçemek üçin çyzgyçlary, bezeg düwmelerini we beýleki esbaplary satyn almak mümkindir.

Dükanda «Himalaya», «Alize», «Bugetto», «Gazzal», «Kartopu», «Nako», «Oren Bayan» ýaly öndürijileriň dürli görnüşli ýüplükleri hödürlenýär. Moher, angora, pagtadan, bambukdan, alpakanyň ýüňünden, ýüpekden, akrilden, garyşyk sapakdan, şeýle hem mahmaldan, bezeg bagjygyndan we hatda rafiýadan (palma süýümi) taýýarlanan ýüplükler – bularyň ählisi çişleri we örmek üçin niýetlenen gaňyrçaklary ulanyp, şeýle hem makrame sungaty arkaly özboluşly egin-eşik nusgalaryny döretmäge, örme «amigurumi» oýunjaklaryny ýasamaga, torbajyklary, başgaplary we öý tapoçkalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Dükanyň satyjylary ýüplügiň her görnüşi barada maslahat bermäge we olar üçin degişli ululykdaky çişleri we örmek üçin niýetlenen gaňyrçaklary saýlamaga taýyndyrlar. Zerurlyk bolan ýagdaýynda, Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty amala aşyrylar, dowam müşderiler üçin bolsa arzanladyşlar we dürli aksiýalar göz öňünde tutular.

«Ýüplük dünýäsi» dükany müşderilere şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Parahat-7 ýaşaýyş toplumy, «Bereketli» bazary, 2-nji gat, dükan №180. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 39 85 79. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň