Soňky habarlar

Arhiw

Kazan uniwersitetiniň obserwatoriýasy ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

13:1020.09.2023
0
33270

Halkara ÝUNESKO guramasy Kazan uniwersitetiniň obserwatoriýasyny bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizdi diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Ady tutulan obserwatoriýa Kazan uniwersitetiniň astronomiýa kafedrasynyň ýanynda 1814-nji ýylda esaslandyryldy.

Hoş habar bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa Kazan uniwersitetiniň obserwatoriýasynyň optiki astronomiýanyň, astrofizikanyň, geodeziýanyň ösüşine goşan uly goşandyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň