Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soltan» restoranynda ertirlik: güni datly we ýokumly tagam bilen başlamak

09:5909.09.2023
1
34720

Täze günüňi nädip şähdaçyk başlap bolar? Elbetde, bütin günüň dowamynda size gurbat berjek lezzetli ertirlik bilen başlamaly. Bu mümkinçiligi bolsa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin Andalyp köçesinde ýerleşýän «Soltan» restorany ýetirýär.

Restoran öz işine irden sagat 08:00-da başlaýar, bu bolsa paýtagtda işleýän hünärmenlere we işewür adamlara iş güni başlamazdan öňinçä, bu ýere gelip ertirlik edinmäge mümkinçilik berýär. Dynç günleri bolsa ir säher bilen bu ýere maşgalalar täze bişirilen konditer önümlerinden, ýakymly tagamlardan, hoşboý kofedir türk çaýyndan lezzet almaga gelýärler.

Türk we Ýewropa tagamlaryny öz içine alýan giň tagamnama — köpdürli görnüşleri hem-de naharlaryň köplügi, şeýle-de ýeňil iýmitleri bilen tapawutlanýan dokundyryjy türk ertirlik naharlaryny saýlamaga mümkinçilik döredýär.

Müşderilere ýetirilýän hyzmatyň hiline-de aýratyn orun degişlidir, muňa bolsa «Soltan» restoranynda uly üns berilýär. Tagamlar bilen deň derejede ýokary hilli hyzmatdan we göwnejaý atmosferadan lezzet alyp naharlanmak günüňizi ruhubelent ýagdaýda, keýpiçag dowam etdirmek üçin örän möhümdir.

Eýýäm ir säher bilen restorandan günortanlyk naharyny sargyt etmek ýa-da agşamlyk stoluny bronlap goýmak bolýar, sargyt eden naharyňyzy bolsa şäheriň islendik ýerine eltip berýärler.

«Soltan» restoranynyň salgysy: Andalyp köçesi, 80 B, 2-nji gat (Parahat-4)

Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň