Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Coffee Project» – bir käse kofeniň başynda dynç almagy halaýanlar üçin ajaýyp ýerdir

09:3526.08.2023
0
21632

Dogry kofe taýýarlamak ukyby uly bilimi we tejribäni talap edýän tutuş bir sungatdyr. Aşgabatda bu sungatyň kämillik derejesine ýetirilen bir ýeri bar. Bu «Soltan» restoranlar zynjyrynyň «Coffee Project» kofe dükanydyr.

Bu ýerde islendik tagamly kofe taýýarlanýar, şeýle hem süýjülikleriň dürli görnüşleri we ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin amatly atmosferasy bardyr.

Kofe dükanynyň amatly ýerde – «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda, kinoteatryň gapdalynda ýerleşmegi müşderileriň yzygiderli gelmegini üpjün edýär. «Coffee Project» diňe bir güýçlendiriji içgini halaýanlar üçin özüne çekiji ýer däldir. Bu ertirlik edinmek, kofe arakesmeleri, iş duşuşyklary we söwda arakesmeleri üçin ajaýyp ýerdir.

Dükanyň içiniň loft stiliniň elementleri esasynda häzirki zaman funksional dizaýn edilmegi dynç almak we aragatnaşyk üçin amatly guşaw döredýär. Kofe dükany ýönekeý, erkin stilde bezelipdir, dürli reňk öwüşginleri bolan dürli materiallardan mebeller, gül küýzeleri bilen enjamlaşdyrylypdyr. Aýry-aýry kiçi stollar umumy stollar we diwanlar, beýik oturgyçlar bilen sazlaşygy emele getirýärler.

Özboluşly asma çyralary bolan metal gurluşlar bilen senagat stiline üns çekilýär, «ýüp» bezegi we adaty bolmadyk esbaplar, şol sanda kofe dükanynyň ady ýazylan asma tagta gämi tematikasyny öňe çykarýar.

Özboluşly ýönekeýlik otagyň diwarlarynda ýerleşdirilen we adatylarynyň ornuny tutýan wizual tagamnama (menýu) bilen hem ünsüňi çekýär. Bularyň ählisi «Coffee Project» dükanynda akyla sygmajak şekilde utgaşýar!

Munuň üstüne ajaýyp we çalt hyzmaty goşuň hem-de hökman «Coffee Project» kofe dükanyna baryp görüň.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň