Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar tory çagalar dabarasyny we doglan günleri bellemäge çagyrýar

10:5712.08.2023
0
44197

Aşgabadyň çäginde çagaňyzyň doglan gününi şowhunly edip bellemäge ýer gözleýärsiňizmi? «Soltan» we «Soltan Loft» restoranlary tüýs şeýle dabaralar üçin!

Restoranlarda çagalaryň dabaralaryny bellemek ýa-da olaryň ene-atalary bilen wagtyny hoş geçirmegi üçin ýörite enjamlaşdyrylan hem-de bezelen ýerler bar.

Ýörite kiçijik myhmanlara niýetlenen tans meýdançasy, animatorlaryň we sungat işgärleriniň oýunlarydyr çykyşlary üçin meýdança bardyr. Dabaranyň tagamnamasyna ene-atalaryň öz islegleri boýunça dürli süýjüler we gazly-gazsyz içgiler, şeýle hem çagalaryň halaýan tiz tagamlary — ýeralma frisi, datly gamburgerler, altynsow naggets we başgalar degişli bolup biler.

Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Soltan» restoranynda bolsa çagalar üçin enjamlaşdyrylan aýratyn ýörite otag göz öňüne tutulan. Bu ýerde restorana gelýän ýaşajyk myhmanlar ene-atalary dabaraly maşgala baýramyny belleýärkä ýa-da restoranda wagtlaryny şähdaçyk geçirýärkä, beýleki çagalar bilen oýnap we aragatnaşyk gurup, dostlaşyp, çagalygyň bagtly pursatlaryny başdan geçirýärler.

«Soltan Loft» restoranynyň umumy zalynda çagalar üçin diňe bir tans edip, hezil edip oýnamakdan başga-da, sirk animatorlarynyň çykyşlaryna tomaşa etmegi üçin aýratyn meýdança bar.

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Soltan» restoranynda çagajyklary oňaýly edip dynç aldyrmak ýa-da oýnatmak üçin amatly şertler üpjün edilip, bezelip goýlandyr. Bu ýer bolsa çagalar dabaralaryny ýa-da doglan günleri baýram etmäge niýetlenen tüýs göwnejaý ýer bolsa gerek.

Çagalar meýdançasy bolan «Soltan» restoranlarynyň salgylary:

«Soltan» restorany: Andalyp köçesi, 80-В jaý, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26.

Çagalar zolagy bolan «Soltan» restorany «Berkarar» SDAM-yň 3-nji gatynda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44, (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Soltan Loft» myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), 72-nji jaýy, «Soltan» binasy, 2-nji gat. Habarlaşmak üçin: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar zynjyrynda çagalar üçin ýatdan çykmajak baýramlar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň