Birmingem şäheri batandygyny yglan etdi

09:5108.09.2023
0
16386

Beýik Britaniýanyň Birmingem şäher geňeşi batandygyny yglan etdi diýip, «Euronews.com» habarlar gullugyna salgylanýan «Tengrinews.kz» habar berdi.

Ýagny million ilatly şäheriň häkimiýetleri özleriniň maliýe kynçylyklary barada habar berdiler, býujetiň ýetmezçiligi 87 million funt sterling bahalanýar diýlip, habarda aýdylýar.

Ýagdaý şäher geňeşinde işleýän zenanlaryň müňlerçesine zähmet haklarynyň adalatsyz tölenmegi we habar beriş tehnologiýalary bilen baglylykda döredi.

Batandygy barada yglan etmegiň çäklerinde şäher häkimligi ähli täze çykdajylary togtatdy.

Birmingem Birleşen Patyşalygyň iň iri şäherleriniň biri bolmak bilen, ol Londondan soňra ýurduň ikinji köp ilatly şäheri bolup durýar. Ol Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň