«Google» kompaniýasy täze Android nyşany bilen tanyşdyrdy

10:2007.09.2023
0
24992

Android ykjam iş ulgamynyň soňky dört ýylda ilkinji gezek nyşany täzelendi, onuň täze şekili we düşündirişi «Google» kompaniýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.

2023-nji ýylyň nyşany ilkinji nobatda köne nusgadan Android adynyň ýazylyşy babatda tapawutlanýar, eger öň bu sözüň başky harpy kiçi – «a» görnüşinde ýazylan bolsa, ol indi uly, ýagny «А» görnüşinde ýazyldy.

Iş ulgamynyň nyşany bolan robotyň şekili hem üýtgedildi, ol indi has uly boldy.

«Droid – «ýüz» Androidiň tanalýan bölegi bolup, ol doly göwrümli gahryman görnüşinde şekillendirildi, biz onuň ulgamyň özi ýaly işjeň görünmegi babatda pikirlendik. Biz roboty doly göwrüminde şekillendirdik, bu onuň sanly we hakyky gurşawlaryň arasynda aňsat geçmegini üpjün eder. Bu bolsa, ony öz gezeginde ähli ýaýlymlarda, şeýle-de ähli platformalarda hem-de kontekslerde ählumumy we ygtybarly ýoldaşa öwürýär» diýip, saýtda düşündiriş berilýär.

«Google» kompaniýasynyň brend-menejeri Jeýson Furnýeniň sözlerine görä, Androidiň täze bezegi enjamlar bilen priloženiýalaryň arasyndaky gatnaşygy has oňat şöhlenendirýär. Ol açyklygy, ýokary işjeňligi we erkinligi beýan edýär. Taze nyşan adamlary özlerine ýaraýan täze nämedir bir zady oýlap tapmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň