Top.Mail.Ru

«Nebitmaş» DK 2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin elektrotehniki önümleri öndürmegiň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi

10:2824.07.2023
0
28922

Nebitgaz we elektroenergetika pudaklarynyň kärhanalary we guramalary üçin önüm öndürýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy alyp barýan işiniň birnäçe ugurlary boýunça 2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.

Ýanwar – iýun aýlary aralygynda «Nebitmaş» DK ýokary woltly elektrik geçiriji liniýalar üçin metal diňleri oturtmagyň meýilnamasyny doly ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, ýokary woltly we pes woltly geçirijileri öndürmegiň meýilnamasy 100,3% ýerine ýetirildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça ösüş depgini 100,6% derejesinde diýlip kesgitlendi.

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynyň zerurlyklary üçin «Nebitmaş» DK-da paýlaýyş şkaflary, transformator we yşyklandyryş stansiýalary, öçüriji enjamlar (rubilnikler), izolýatorlar we gorag enjamlary (predohraniteller), şeýle hem elektrik geçiriji liniýalar üçin diňler öndürilýär.

«Nebitmaş» DK-nyň salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň