Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Medeniýet hepdeligi — 2023-iň» ýapylyş dabarasy boldy

21:1327.06.2023
0
29524

Şu gün Aşgabatda ýurtda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak çäresi bilen badalga aldy. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak çäreleri ýurduň ähli sebitlerinde-de geçirildi.

2023-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäreleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän «Gahryman Siz, Arkadag!» atly joşgunly aýdym bilen başlandy.

Dabara tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde horeografik çykyşlar bilen dowam etdi. «Miras» folklor toparynyň «Medeniýet halkyň kalbydyr!» atly edebi-sazly çykyşy has-da ýatda galyjy boldy. Tomaşaçylar ýurduň röwşen geljegi bolan ýaşajyk nesliň wekilleriniň ýerine ýetiren çykyşyny ýakymly duýgular bilen garşyladylar. Her ýylda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileriniň hem-de «Dokmaçylar» çagalar tans toparynyň ýerine ýetiren «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly sazly horeografik çykyşy ýaş nesilleriň döredijilik ylhamynyň belentdigini görkezdi. «Mukam» skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren «Mukamlar sazlaşanda» atly eseri bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsert maksatnamasynda gadymy dessanlar we häzirki zaman awtorlarynyň eserleri, ähli welaýatlaryň wekilleriniň tanslary özara sazlaşygy emele getirdi. «Galkynyş», «Laçyn», «Meňli», «Miras», «Serpaý», «Aşgabat» toparlary we beýlekiler ajaýyp tanslary ýerine ýetirdiler.

«Türkmen toýy» atly kompozisiýa baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurduň welaýatlaryndan gelen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy türkmen halkynyň jebisligini, döredijilik joşgunyny alamatlandyrdy. Bu ýerde görkezilen täsirli wideoşekiller çykyşlaryň üstüni ýetirdi.

Konsertiň ahyrynda aýdymçylar we oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan «Bagtly biz Siz bilen, Arkadagly Serdarym!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Monitorlarda häzirki döwrüň belent döredijilik sepgitlerini, türkmen sungatynyň wekilleriniň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän şekiller görkezildi.

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň