Awiaheläkçilikde diri galan we Amazon jeňňelliklerinde 40 gün geçiren dört sany çagany tapan kolumbiýaly halas edijiler medallar bilen sylaglandylar diýip, «RIA Nowosti» agentligi habar berýär. Gözleglere gatnaşan esgerlere we ýerli ýaşaýjylara baýraklary Bogota şäherinde geçirilen dabaranyň dowamynda Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petronyň hut özi gowşurdy.
«Cessna 206» kysymly ýeňil motorly uçar 1-nji maýda Ararakuaradan San-Hose-del-Guawýara uçup barýarka geçmesi kyn bolan Amazon jeňňelliginiň çäklerinde (Günorta Amerikanyň tropiki jeňňelligi) heläkçilige uçrady. Uçarda alty ýolagçy we uçarman bardy. Heläkçilikde ähli uly ýaşlylar ýogaldy, 13, 9, 4 ýaşly we 11 aýlyk çagalara diri galmak başartdy. Olar uçaryň gaçan ýerini terk edip, jeňňeliň içine aralaşdylar. Olar miweler we ýagyş suwy bilen iýmitlenip, jeňňelde 40 gün geçirdiler. Çagalaryň gelip çykyşy boýunça ýerli indeý taýpalaryndan bolandyklary we jeňňeli gowy bilýandikleri olara diri galmaga kömek etdi.
Şol wagtyň dowamynda gözlegler bes edilmedi, halas edijiler çagalary diňe 9-njy iýunda horlanan we mör-möjekler tarapyndan çakylan halda diri tapdylar.