Soňky habarlar

Arhiw

«Tm Trade» onlaýn platformasy welaýatlardan telekeçilere we senagatçylara öz sahypalarynda özleri bilen tanyşdyrmagy teklip edýär

12:2612.06.2023
0
30327

Türkmen telekeçilerine we senagatçylaryna özlerini ykrar etdirmäge kömek edýän «Tm Trade» söwda internet-platformasy welaýatlardan işewür toparlaryň wekillerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürijiler we hyzmatlary hödürleýji kärhanalar, eksport ugurly önümleri öndürijiler, şeýle hem importýorlar «Tm Trade» platformasynyň kömegi bilen öz işlerini ykrar etdirip bilerler, hususy haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyryp, ýurduň içinde we daşary ýurtlarda täze müşderileri ýa-da hyzmatdaşlary tapyp bilerler.

«Tm Trade» platformasynda öz kompaniýaňyzyň (kärhanaňyzyň) mahabat bannerini ýerleşdirmek ýa-da platformanyň çäklerinde hususy sahypaňyzy döretmegi sargyt etmek mümkindir. Daşary ýurtly telekeçileri türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlyga çekmek üçin «Tm Trade» platformasy dört dilde elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin «Tm Trade» onlaýn platformasynyň maglumatlary:

  • salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (Çehow) köç., 157-A, «Telekeçi söwda merkezi» binasy;
  • elektron poçta info@trade.com.tm;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň