Şu ýylyň 8 aýynyň netijeleri Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň depginli ösýändigini görkezdi.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda öndürilýän unuň mukdary 7,5 göterim, unaş önümleriniňki 13,4 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi 7,4, üzümiňki – 2 göterim, et önümleri 17,28 göterim, süýt önümleri bolsa 1,9 göterim artdy.
Ministrler Kabinetiniň 4-nji sentýabrda bolup geçen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk önümleriniň giň görnüşleriniň möçberlerini artdyrmagyň, degişlilikde ýurdumyzyň sarp ediş bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.