Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisindr Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.
Hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watançy, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli iş toparynyň mejlisleriniň netijeleri boýunça ýaşlar syýasaty Strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Ol türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak we beýlekiler Strategiýada kesgitlenen ugurlardyr.
Şunuň bilen birlikde, Strategiýada medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak we beýleki çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini hem-de häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Strategiýany makullady hem-de ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwletiň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýtdy.