Arhiw

«Senagat plastigiň» plastik poddonlary ulanyşda ýokary aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar

11:1501.06.2023
0
26232

«Senagat plastik» HJ Türkmenistanda dürli maksatly plastik poddonlary öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir. Kärhananyň önümleriniň hili ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 ýaly halkara şahadatnamalary bilen tassyklandy.

Senagat plastigiň poddonlary basyş astynda guýmak usulynda öndürilýär, ýagny eredilen plastik basyş astynda ýörite galyba guýulýar we sowap, islenýän şekili alýar. Basyş astynda materialdan onuň hiline täsir edip biljek howa bölejikleriniň aýrylmagy sebäpli bu usul poddonlara aýratyn çeýelik berýär. Poddonlar üçin çig mal, polietilen we polipropilen Türkmenistanda taýýarlanylýar, «Senagat plastigiň» önümleriniň öndürilýän enjamlary bolsa ABŞ-niň önümidir.

Şeýle hem ösen önümçilik tehnologiýasynyň kömegi bilen «Senagat plastigiň» poddonlaryna ýokary çyglylyk täsir etmeýär, olar -40-dan +50 gradus aralygynda ulanylyp bilner, şeýle hem özüne çekiji görnüşe eýe bolup, 8 müň kilograma çenli agramy saklap bilýärler.

«Senagat plastik» kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy etraby, Garaşsyzlyk köç., bina 11A.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 243) 7 99 64, faks (+993 243) 7 99 68.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň