Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Niýazliýew Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Igor Wolynkin bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Diplomatlar duşuşygyň dowamynda türkmen-rus köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy, hususan-da syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň esasy ugurlarda özara peýdaly dostluk gatnaşyklaryny we abraýly halkara guramalaryň çäginde, esasan hem GDA we BMG-de üstünlikli hyzmatdaşlygy saklaýandyklaryny mälim etdiler.
Duşuşykda S.Lawrow I.Wolynkiniň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenmeginiň iki dostlukly ýurduň arasynda öň gazanylan strategiki gatnaşyklaryň has depginli ösmegine täze oňyn itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň ilçisi B.Niýazliýew I.Wolynkini ýokary diplomatik wezipä — Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenmegi bilen gutlady we täze diplomatik gullugynda üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.