Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» IT-akademiýasy «Photoshop» programmasynyň esaslary boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

10:0813.05.2023
0
17577

Halkara «ITEA» IT-akademiýasy ähli isleg bildirýänleri «Grafiki dizaýna giriş. «Photoshop» programmasynda işlemek» mowzugy boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar.

«Adobe Photoshop» rastr grafikasy işlemek, iň batyrgaý we özboluşly pikirleri ýokary hilli durmuşa geçirmek üçin köp sanly gurallary bolan, kuwwatly, täsirli bütin dünýäde ykrar edilen programmadyr. «Photoshop» mahabat we grafika dizaýnynyň ussatlary, professional suratkeşler we fotosuratçylar, blogerler we ýönekeý ulanyjylar tarapyndan işjeň ulanylýar. Bu programma her ýyl täzelenýär we kämilleşdirilýär, şeýlelik bilen, ulanyjylara onuň bilen işlemek üçin has giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar «Photoshop» programmasyny grafiki dizaýneriň işinde ulanmagyň – kärhananyň stilini, haryt nyşanlaryny, gaplaryň dizaýnyny, merç, mahabat bannerlerini döretmegiň mümkinçilikleri tanyşarlar. Mentor hökmünde tejribeli programmist, oýunlary işläp düzüji, grafiki we 3D suratkeş German Fetisow çykyş eder.

Ussatlyk sapagy 26-njy maýda şu salgyda geçiriler: Aşgabat, «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi. Başlanjak wagty 18-30.

Sapaga gatnaşmagyň bahasy 50 manat. Ýazylmak üçin görkezilen salga ýa-da (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz. Ýerleriň sany çäklidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň