Şu gün Duşenbede bolýan Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda täjik parlamentiniň ýolbaşçylary — Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namaýondagan Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda we Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebitleýin formatdaky parlamentara meýdançalaryň işine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda hem bu ugurdaky hereketleri işjeňleşdirmek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, iki döwletiň parlamentarileriniň halkara we sebit meýdançalaryndaky tagallalaryny ilerletmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitara parlament forumlaryny geçirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamak bilen, daşary ýurtlar hyzmatdaşlar üçin anyk teklipleri hödürlemegiň zerurdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistanyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklardyr «tegelek stol» maslahatlarynyň geçirilmeginiň iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.