Soňky habarlar

Arhiw

«Inter» bilen «Benfika» Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda jogap duşuşygyny geçirer

13:1119.04.2023
0
12537

Italiýanyň «Interi» bilen Portugaliýanyň «Benfikasynyň» arasyndaky Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygy «Juzeppe Meassa» stadionynda geçiriler.

«Matç! Futbol 1» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije sagat 23:45-de başlanar.

Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 11-nji aprel güni Portugaliýada geçirilipdi. Şol duşuşykda «Inter» 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary Barella bilen Lukaku geçirdi.

«Inter» ýaryşyň 1/8 finalynda Portugaliýanyň başga bir wekili bolan «Portuny», «Benfika» bolsa Belgiýanyň «Brýuggesini» ýaryşdan çykardy.

Duşuşygy ispaniýaly eminler alyp barar. Baş emin Karlos del Serro Granda watandaşlary Guadalupe Porras we Diego barbero Sewilýa ýardam berer.

«Inter» ― «Benfika» duşuşygynyň ýeňijisi ýarym finalda «Milan» bilen duşuşar.

Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň 10-njy iýunda Stambul şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň