Çempionlar ligasynda «Bawariýa» bilen «Mançester Siti» Mýunhende duşuşar

13:0819.04.2023
0
13321

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň çäginde nemesleriň «Bawariýasy» bilen iňlisleriň «Mançester Sitisiniň» arasyndaky jogap duşuşygy «Alýans Arena» stadionynda geçiriler.

Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanjak duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Iki topar birinji duşuşygyny 11-nji aprel güni Mançester şäherinde geçiripdiler. Duşuşyk ýerli toparyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Gollary Rodri, Bernardu Silwa we Holand geçiripdi.

«Mançester Siti» 1/8 finalda «Leýpisigi» (1:1, 7:0), «Bawariýa» bolsa PSŽ-ni (1:0, 2:0) ýaryşdan çykardy.

Duşuşygy fransiýaly eminler alyp barar. Baş emin Kleman Týurpene watandaşlary Benjamen Paž bilen Nikolýa Dano ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini ― Žeremi Pinýar.

Bu jübütleriň ýeňijisi ýaryşyň ýarym finalynda ispaniýanyň «Realynyň» bäsdeşi bolar.

Şu ýylky final duşuşygynyň 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň