Serdar Azmun Ýewropa ligasyyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda öz adyna golly pas ýazdyrmagy başardy. Has takygy, «Baýeriň» türkmen asylly eýranly hüjümçisi Belgiýanyň «Ýunion» topary bilen bolan oýunda ýer eýelerini ýeňlişden halas eden gola assistentlik etdi.
Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 82-nji minutynda Azmun topardaşy Florian Wirtse netijeli pas geçirmek arkaly, «Baýeriň» ýeňlişden halas bolmagyna goşant goşdy.
Toparlaryň arasyndaky jogap oýny bir hepde soňra Brýussel şäherinde geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun ÝL-iň çärýek finalynyň deslapky oýnunda 62-nji minutda ätiýaçdan oýna goşulyp, netijeli hereket bilen tapawutlanmagyň hötdesinden geldi.
Mundan ozal, Serdar Azmunyň Bundesliganyň 27-nji tapgyrynda «Baýeriň» «Fraýburgy» 3:1 hasabynda ýeňmegine öz goly bilen ýardam edendgini habar beripdik.
Ýewropa ligasynyň çärýek finalynyň beýleki oýunlarynda «Ýuwentus» «Sportingi», «Feýenord» bolsa «Romany» birmeňzeş 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Mançester Ýunaýted» bilen «Sewilýanyň» arasyndaky oýun bolsa 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.