Soňky habarlar

Arhiw

«RŽD» Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär, «Belawiýa» tomusky uçuş tertibi boýunça Türkmenbaşa uçup başlady, Türkmenistanda kuwwatlygy sekuntda 68 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desga guruldy we beýleki habarlar

11:2129.03.2023
0
34263

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň we Russiýanyň demir ýol kärhanalary özara wekilhanalary açmagy meýilleşdirýärler. Bu başlangyç «Türkmendemirýollarynyň» hem-de «RŽD-niň» ýolbaşçylarynyň geçen ýylyň sentýabrynda gol çeken 2023 – 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasynda görkezilendir. Häzirki günde bu maksatnamanyň çäklerindäki çäreler bellenen möhletinde ýerine ýetirilýär diýip, «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» AGPJ-niň metbugat gullugy habar berdi.

2. «Belawiýa» awiakompaniýasy uçuşlaryň tomusky tertibine geçdi, ol 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabryna çenli dowam eder. Häzirki wagtda Minskiden Türkmenbaşynyň howa menziline uçuşlar hepdede bir gezek sişenbe günleri amala aşyrylýar. Braziliýanyň «Embraer E195» uçarlary arkaly uçuş dört sagatdan gowrak wagt dowam edýär. «Belawiýa» Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny 2022-nji ýylyň oktýabrynda gaýtadan dikeltdi.

3. Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde täze gidrotehniki desga – sekuntda 68,2 kub metr kuwwatlygy bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desga işe girizildi. Ol Garagum derýasynyň suw saklaýjy toplumlarynyň birinde suwuň derejesini sazlamak üçin niýetlenendir. Suw sazlaýjy-böwetleýji desga Türkmenistanyň günbatar sebitini ýylyň yssy möwsümlerinde suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze gidrotehniki desga bu ýerlerde işlenilýän ekin dolanyşygyna girizilen ýerleri we müňlerçe gektar meýdanlary suwarmakda juda uly ähmiýete eýedir.

4. Hytaýyň Wençjou lukmançylyk uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplary «Çženszýana arzuw edilýän syýahatçylyk» çäresiniň 16-njy tapgyryna gatnaşdylar. Türkmenistana uniwersitetiň talyby Şagül Bakyýewa wekilçilik etdi. Forumyň çäklerinde dürli bäsleşikler we sergiler geçirildi. Bu çäre medeniýeti, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny özara baýlaşdyrmaga hem-de daşary ýurtly talyplary Hytaýyň gündogar welaýatynyň durmuş-ykdysady we döredijilik üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän medeni karnawal hökmünde häsiýetlendirilýär.

5. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistana Moskwa we Moskwa oblastyna 17 müň tonnadan gowrak ter pomidorlary ýerledi. «Rosselhoznadzor-yň» resmi saýtynda berilýän maglumata görä, ähli önümler RF-niň fitosanitar (ösümlik arassaçylygy) karantin talaplaryna laýyklykda barlagdan geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan Russiýany pomidorlar bilen esasy üpjün edijidir we ýyl-ýyldan türkmen kärhanalary bu ugur boýunça eksporty ösdürýärler.

6. Ysraýylyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurmak bilen, Türkmenistanda işe başlady. Döwlet Baştutany Ismail Haldini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýola goýuldy.

Dünýäde

7. 2035-nji ýyldan başlap, Ýewropada benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän täze awtoulaglary satmak gadagan ediler. Bu 2034-nji ýyla çenli atmosfera zyňylýan uglerodlaryň möçberini 55% azaltmak we tapgyrlaýyn elektrik ulaglaryna geçmek maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. 2035-nji ýyldan soň, içinden otlanýan hereketlendirijiler bilen işleýän ulaglar aradan aýrylandan soňra, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda wodorod awtoulaglarynyň elektromobiller bilen bir hatarda satyljakdygy çaklanylýar.

8. Osaka şäherinde ýaşaýan 61 ýaşly ofis işgäri iş ýerinde çilim çekmegi gowy görýärdi, şonuň üçin hem oňa 14 700 dollar jerime salyndy. 14 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ol iş ýerinde çilim çekmek üçin arakesmä jemi 4 512 gezek çykypdyr we bu zyýanly endige 355 sagat 19 minut sarp edipdir. Ýolbaşçylary birnäçe gezek oňa bu hereketiniň gadagandygyny duýurypdyrlar, hatda ýarym ýyllap onuň aýlygyny 10% kemeldipdirler. Osakada 2019-njy ýyldan başlap, döwlet işgärlerine iş ýerlerinde çilim çekmek bütinleý gadagandyr.

Sport habarlary

9. Dawid Melkumow geň galdyrmagyny dowam edýär. Türkmenistanly pälwan 38 tonnalyk ýük göteriji krany sekiz metre süýşürip, täze rekord goýdy. Melkumow sekiz metr aralygy 45 sekundyň dowamynda geçdi. Bu gezek pälwan üçin barlag guraly hökmünde «Tadano» haryt nyşanly gidrawliki ýük göteriji kran çykyş etdi. Ol muny oturan ýerinde elleri bilen tanap çekip ýerine ýetirdi. Bu usul uly göwrümli tehnikalary çekmek üçin iň kyn usul hasaplanýar. Türgeniň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda, ol ýene bir gezek öňünde goýan maksadyna ýetmegi başarandygy üçin örän şat hem-de görkezen netijesinden hoşal. Melkumow hemaýatkärlerden toplan ähli serişdelerini saglyk mümkinçiligi çäkli çagalara iberer.

10. Aşgabadyň «Altyn täç» topary zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda «Altyn täç» 4:2 hasabynda Marynyň «Olimp» toparyndan üstün çykdy. Çempionatyň üçünji orun ugrundaky duşuşygynda «Ahal» topary «Balkany» ýeňip (2:1), bürünç medala mynasyp boldy. «Olimp» toparyndan Läle Haipowa çempionatyň iň gowy oýunçysy saýlandy.

11. Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Albaniýada geçirilýän dünýä birinjiliginde üçünji medalyny gazandy. Albaniýanyň Durrese şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiliginde 59 kg çenli agram derejesinde Türkmenistana wekilçilik edýän Medine Amanowa silterläp götermekde 90 kg, itekläp götermekde 109 kg netije görkezdi. Ol 199 kg netije bilen dünýä birinjiliginiň altyn medalyna mynasyp boldy.

12. Futbol boýunça Özbegistanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Jiddada geçirildi we 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Duşuşygyň 6-njy minudynda günorta amerikalylaryň goragçysy Aleksandr Gonsales hasaby açdy. Çalşyk esasynda meýdança çykan Jasur Ýahşibaýew 73-nji minutda penalti gazanyp, oýnuň hasabyny deňledi. Ozal Özbegistanyň milli ýygyndysy Saud Arabystanynda 1:0 hasabynda Boliwiýanyň toparyny ýeňipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň