Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«TG.Modern.Art» galereýasy döwrebap sungat eserleriniň ajaýyp nusgalaryny hödürleýär

10:2522.03.2023
0
32290

Aşgabatda ýerleşýän «TG.Modern.Art» galereýasynda şekillendirişiň häzirki zaman abstrakt sungatynyň wekili — suratkeş Gylyç Tatowyň ajaýyp eserleri hödürlenýär.

Heniz ýaşdygyna garamazdan, suratkeşiň ady eýýäm türkmen hem-de daşary ýurt sungat gurşawynda giňden tanalýar. Gylyç Tatow — Döwlet şekillendiriş mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, ýurduň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy, şeýle-de paýtagtda geçirilýän köp sanly sungat sergilerine gatnaşyjydyr. Suratkeşiň birnäçe ýurtlarda, şol sanda Hytaý, Russiýa, Çehiýa, Amerika, Fransiýa we beýleki ýurtlaryň sungat kolleksiýalarynda ýerleşdirilen işleri az däldir.

«TG.Modern.Art» galereýasynda ýerleşdirilen eserler hem stil aýratynlyklary taýdan dürli görnüşlere eýedir. Bu ýerde sýurrealistik suratlary, abstrakt kompozisiýalary hem-de abstraktly ekspressionizm äheňindäki suratlary görmek bolýar. Gylyç Tatowyň şekillendiriş sungatynda abstraksionizmiň esasyny goýujylaryň biri bolan rus nakgaşy we şekillendiriş sungat nazaryýetçisi Wasiliý Kandinskini, şeýle hem kubizmi esaslandyryjy ispan we fransuz suratkeşi Pablo Pikassony sungat halypalary hasap etmegi ýöne ýerden däldir.

Özünde täsin sungat eserlerini jemleýän «TG.Modern.Art» galereýasy döredijilik pikir alyşmalary üçinem özboluşly meýdançadyr. 2019-njy ýylda öz işine başlan galereýa häzire çenli suratkeşiň kärdeşleriniň hem-de onuň döredijiliginiň köp sanly muşdaklarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu ýerde köplenç döredijilik duşuşyklary we Gylyç Tatowyň işleriniň sergisi geçirilýär.

Galereýada diňe bir awtoryň döredijilik eserlerine bolan çemeleşmelerini görmek däl-de, eýsem olary satyn alyp ýa-da ýörite sargyt edip bolýar.

Bu ýerden surat satyn almak isleýänlere öýüň interýerine görä sungat eserini ýerleşdirmek babatda professional maslahatlar berilýär.

Özbaşdak sargyt esasynda bolsa suratyň ölçegi, sýužeti, reňki we stili müşderiniň islegine laýyklykda nazarda tutulýar hem-de ony ýerleşdirmek boýunça maslahat berilýär.

Satyn alnan suraty eltip bermek we asyp bermek hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär.

«TG.Modern.Art» galereýasynyň ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 2-nji gat, С-2.59 dükany.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 34 35 39; (+993 65) 03 32 31. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň