Turkmenportal logo
16.06.25
2148221482
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkynyş» gaz käninde täze gaz guýusy ulanyşa girizildi
«Galkynyş» gaz käninde täze gaz guýusy ulanyşa girizildiSurat: Ashgabat.in

«Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümleri «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.


Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Galkynyş» gaz käniniň 264 belgili ulanyş guýusynda 4 müň metrden gowrak çuňluk burawlandy.


Netijede, önümli gatlagyň 3852 — 4011 metr aralygy özleşdirilip, bir gije-gündizdäki çykymy 2 million 240 müň metr kuba deň bolan gaz akymy alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Gürrüňi edilýän gaz guýusy geljekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat mümkinçilikleriniň artmagynda ähmiýetli orun eýelär diýlip, habarda bellenilýär.