Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza bolmak isleýändigini tassyklady

17:4214.03.2023
0
35411
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza bolmak isleýändigini tassyklady
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

13-nji martda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-niň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.

Agzalan halkara guramalaryň wekilleri hem öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem BSG bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine umyt bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň