Özbegistana gazagystanly jahankeşdeleriň 200 müňden gowragy bardy

11:5714.03.2023
0
24127
Özbegistana gazagystanly jahankeşdeleriň 200 müňden gowragy bardy
Surat: gazeta.uz

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy dikelmegini dowam edýär, muňa 2023-nji ýylyň geçen iki aýynda ýurda gelen daşary ýurtly jahankeşdeleriň sanynyň 2,7 esse artmagy mysal bolup biler diýip, «Kazinform» ýazýar.

Ýurduň Statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistana daşary ýurtly jahankeşdeleriň 871 müňüsi bardy, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 544,4 müň ýa-da 2,7 esse artykdyr.

Respublika jahankeşdeleriň iň köp gelýän ýurtlarynyň üçlügini Täjigistan (289,2 müň), Gazagystan (241,4 müň) we Gyrgyzystan (211,2 müň) düzdi.

Özbegistana Russiýa Federasiýasyndan gelen jahankeşdeleriň sany 81 müň adam boldy. Türkiýeden 13,4 müň, Günorta Koreýadan 4,4 müň we Hindistandan 2,4 müň jahankeşde geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň