Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäginde geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň meýilnamasy, möwsümiň dowamynda ýerine ýetiriljek işler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, bag nahallaryny oturtmak işine ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu ýerde hereket edýän saglygy goraýyş merkezleriniň işini talabalaýyk ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher Alyjylar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu ýerde söwda hem-de hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şunda ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň hiliniň we derejesiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidigi, söwda merkezlerinde we beýleki düzümlerde söwdany ýola goýmagyň täzeçil usullarynyň ulanylmalydygy, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmalydygy nygtaldy. Şol bir wagtda, sargyt edijileriň harytlaryny we önümlerini eltip bermek üçin niýetlenen ulaglaryň döwrebaplygynyň, bezeg aýratynlyklarynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewe ýüzlenip, täze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň guramaçylyk meselelerine hemmetaraplaýyn esasda girişmegi tabşyrdy.
— Ýokary okuw mekdebiniň dekanat, kafedra, okuw bölümi işleri döwrebap, täzeçil usulda utgaşykly alyp barmalydyr. Bu işleriň häzirki döwrüň talabyna we ýokary halkara tejribesine laýyklykda guralmagy ýokary okuw mekdebiniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary okuw mekdebinde işlejek mugallymlaryň hünär derejesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
— Şonuň ýaly-da, bu ýerde bilim aljak ýaşlar üçin döredilen şertleriň ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi, okatmagyň usulyýetiniň döwrebap derejede bolmagy, amaly okuwlaryň tejribe bilen utgaşdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli gulluklaryň edara binalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda sanly ulgamyň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy soňra Arkadag şäheriniň seýilgäh zolagyny we beýleki ugurdaş desgalaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde Ahal welaýatynyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekil görnüşleri ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki binalaryň milli binagärlik ýörelgelerine laýyklykda gurulmagyna, olarda türkmen halkynyň taryhda döreden ajaýyp desgalarynyň şekilleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gök zolaklaryň çägini giňeltmek we özboluşly gözelligi bolan möwsümleýin gülleri köpçülikleýin ekmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.