«Aýbölek» kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar

10:0911.03.2023
0
21891

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli 17 — 23-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek sergä gatnaşar.

Sergide kärhana täze öndüren mebellerini hem-de dürli hili mebelleri öndürmek pudagynda gazanan üstünliklerini tanyşdyrýar. Soňky bir ýylyň dowamynda «Aýbölek» kärhanasy diňe bir haryt görnüşlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümlerini daşary ýurtlara hem eksport edip ugrady. Has takygy, kärhananyň öndüren partalary we oturgyçlary, mekdebe çenli edaralar üçin mebeller, şeýle-de Almatynyň Al-Faraby adyndaky uniwersiteti üçin goňşy Gazagystana we Özbegistana mebel önümleri ugradyldy.

Bulardan başga hem, kärhanada gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň mekdepleri, çagalar baglary hem-de ýaşaýyş jaýlary üçin mebeller öndürilýär. «Aýbölek» kärhanasy täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryny we bilim edaralaryny okuw mebelleri, aşhana garnituralary we beýleki mebel önümleri bilen üpjün edýär.

— Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yzygiderli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergileriniň hemişelik gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýäris – diýip, «Aýbölek» kärhanasynyň hünärmeni belleýär. — Şu hili ýokary derejeli sergilere gatnaşmak biziň üçin önümlerimizi alyjylaryň we sargyt edijileriň giň köpçüligine ýetirmekde, hyzmatdaşlarymyzyň gerimini giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň mebel önümçiligini täze derejelere çykarmakda uly mümkinçilik bolup durýar.

Kärhananyň dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň