Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatyna gatnaşar

09:5110.03.2023
0
19392

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçiriljek 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatyna gatanaşar.

Mongoliýadaky yklym ýaryşy 11 ― 17-nji mart aralygynda geçiriler.

Türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 11-nji martda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Guwançmyrat Jepbarowyň şägirtleriniň 12-nji martdaky garşydaşy bolsa Tailandyň ýygyndysy bolar. Şeýle hem türkmen ýygyndysy 14-nji martda BAE-niň, 15-nji martda ýer eýeleriniň, 17-nji martda bolsa Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşyklary geçirer.

IIHF 18 ýaşa çenlli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatyny taryhda ilkinji gezek geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň