Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy

21:5209.03.2023
0
28860

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilýän bu iki günlük forumy türkmen tarapy hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçen duşuşyga BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň wekilleri, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin hem bar.

Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdançany döretmäge gönükdirilendir. Şu gezekki duşuşyga abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu meseläniň aýratyn möhümdigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär.

Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellendi. Dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi bilen bir hatarda, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlary azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleri hökmünde nygtaldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri ikitaraplaýyn häsiýete eýedir. Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň