BMG ÝYK binalaryň energiýa tygşytlylygy boýunça Türkmenistanyň häzirki standartlaryny öwrendi

10:3906.03.2023
0
28651

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (UNECE) şu ýyl binalaryň energiýa netijeliligi babatda UNECE-niň Çarçuwaly Ylalaşygy boýunça binalaryň energiýa tygşytlylygy boýunça standarty bilen Türkmenistanyň bu ugurdaky häzirki energiýa tygşytlylygy standartlarynyň arasyndaky tapawudy seljermek boýunça sebitleýin gözlegi amala aşyrdy. Bu barada Ýewropa ykdysady komissiýasyna salgylanyp, «Trend» habar berdi.

Habarda binalaryň energiýa tygşytlylygyny güýçlendirmekde BMG ÝYK-yň Türkmenistany goldaýandygy bellenilýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna ünsi jemläp, olaryň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmagyň standartlaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň BMG ÝYK-yň öňde goýýan maksatlarynyň biridigi nygtalýar.

«Bu maksat energiýa babatda tygşytly tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem tehniki nukdaýnazardan bilimleri artdyrmagyň kömegi bilen bu tehnologiýalary durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrmak arkaly amala aşyrylar» diýip, «Trend» çeşmä salgylanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň