Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň ýene bir Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady

10:1228.02.2023
0
35165

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Bu Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

— Men ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we umumydünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary, maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmekde amala aşyrylýar — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýdýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň ýene-de bir möhüm başlangyjynyň kabul edilendigi baradaky şatlykly habaryň gelip gowşandygy barada bellemek bilen:

— Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasat ugrumyzyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetiniň hem-de möhümdiginiň tassyklanmagydyr. Şeýle-de parahatçylygy goldamak we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy edaralarynyň ornunyň wajypdygynyň ykrar edilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, men, ilki bilen, mähriban türkmen halkymy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähli dostlukly işgärlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn — diýip nygtaýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Gutlagynyň ahyrynda, goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Aşgabatda 2007-nji ýylda döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmetaraplaýyn yzygiderli goldaw berýändigini, hususan-da, onuň syýasy-diplomatik gatnaşyklary öňe sürmekde, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalaryny we başlangyçlaryny goldaýandygyny belläp:

— Geçen döwrüň içinde sebit merkezi Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy pugtalandyrmakda netijeli gatnaşyklary goldamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde netijeli baglanyşdyryjy ulgam hökmünde özüni görkezdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, men bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden ähli döwletlere we onuň taslamasyny goldan ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk we hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy bilen geljekde-de bilelikde ysnyşykly iş alyp barar — diýip nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň