Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi awiakompaniýanyň ýaz-tomus möwsüminde amala aşyrjak yzygiderli gatnawlary üçin awiopetekleriň satuwyny açdy.
2023-nji ýylyň 26-njy martyndan 29-njy oktýabry aralygynda uçuşlar üçin petek satuwynyň başlanjakdygy habar berildi.
2023-nji ýylyň aprelinde Moskwadan Aşgabat şäherine awiopetekleriň bahasy 29 müň 775 (2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky ýagdaýa görä), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 28 müň 635 rubldyr.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ähli uçuşlary üçin awiapetekleri kompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndaky baş agentliginiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky wekilliginiň satuw ofislerinde satyn alyp bilersiňiz. Petek üçin «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töläp bilersiňiz.
Petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda hem satyn alyp bilersiňiz. Moskwadan Aşgabat şäherine bir uçuş peteginiň bahasy 4876 manat 90 teňňe bolar. Tölegi «Altyn Asyr» bank karty bilen geçirip bolar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwa we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:
Moskwa — Aşgabat
- «T5704» — sişenbe güni sagat 22:45-de ugraýar, 04:35-de gonýar
- «T5724» — anna güni sagat 08:35-de ugraýar, 14:25-de gonýar
Kazan — Aşgabat
- «T5738» — çarşenbe güni sagat 18:05-de ugraýar, 23:15-de gonýar
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirýändigini ýatladýarys. Mart aýynyň ahyryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Angliýa) yzygiderli gatnawlaryny ýola goýar.