Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

S7 Moskwa-Aşgabat uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 14-e çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

14:2928.01.2025
0
19724

«Rosawiýasiýa» edarasy S7 awiakompaniýasyna Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 7-den 14-e çenli köpeltmäge rugsat berdi – diýip, RIA Nowosti agentli habar berýär.

Häzirki wagtda S7 Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýan ýeke-täk uçar daşaýjysy bolup durýar.

2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa amala aşyrýan uçuşlaryny wagtlaýynça togtatdy, ozal bolsa, şol ýylyň iýun aýynda awiakompaniýa Kazan ugry boýunça uçar gatnawlaryny bes edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň