Hytaýyň günorta-günbatar Guýçžou ülkesinde derýalar kenardan agyp, süýşgünler netijesinde millionlarça ýaşaýjy göçürildi. Çabga ýagyşlary infrastrukturanyň hatardan çykmagyna hem-de söwda merkezleriniň, köçeleriniň gark bolmagyna getirdi diýip, «Pogoda.mail.ru» habar berýär.
Tebigy heläkçiligiň görnüşleri sosial torlarda çap edildi. Olarda suwuň awtoulaglary ýerasty duralgalara syryp alyp gidýändigi, Rongszýan söwda merkezinde suwuň eskalatorlardan akýandygy görünýär. Sandu ilatly ýerdäki G76 magistralynda Houçžyhe köprüsiniň münülýän böleginiň suw süýşgüni sebäpli hatardan çykýandygy, netijede, ýük ulagynyň sürüjisiniň köprüniň ýumrulan ýerinden sallanyp durandygy habarda bellenýär. Sürüjini halas etdiler. Heläk bolanlar ýa-da ejir çekenler barada maglumat ýok.
Geçen hepdeden bäri daglyk Guýçžou ülkesinde we günorta Hytaýyň beýleki ýerlerinde her ýyl Gündogar Aziýada bolýan musson ýagyşlary netijesinde döreýän çabgalar dowam edýär.