Turkmenportal logo
18.01.23
9696496964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy mart aýy üçin halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwyna başlaýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy mart aýy üçin halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwyna başlaýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlara howa peteklerini onlaýn satyp başlady.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara «Boeing» uçarlary hyzmat edýär.


Bahalar 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli


Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 3892 manat 60 teňňe


Aşgabat (ASB) — Maýn boýundaky Frankfurt (FRA): 8023 manat 80 teňňe


Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 4877 manat 50 teňňe


Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 4910 manat 80 teňňe


Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 4886 manat 30 teňňe


Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB): 4823 manat 30 teňňe


Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB): 4876 manat 90 teňňe


Nyrhlar diňe bir ugur üçin görkezilendir.


Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumaty «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmadan alyp bilersiňiz.


Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron petekleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap, «Altyn Asyr» bank karty bilen töleg töläp biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlaryny girizmelidir.