Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» çagalar üçin robototehnika okuwlaryna kabul edişlik geçirýär

14:2122.02.2023
0
21786

Çagalar üçin robototehnika bilim merkezi «ImdatBot» merkezi mekdep okuwçylaryny robototehnika okuwlaryna çagyrýar.

8-12 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary kabul edilýär. Sapaklar iki ýaş toparynda – 8-9 ýaş we 10-12 ýaş aralygyndaky toparlarda geçirilýär.

Iň ýaş okuwçylar üçin «Codey Rockey» okuwlary elýeterlidir. Sapaklarda çagalar programmirlemegiň esaslary we «Codey Rockey» robotynyň gurluşy bilen tanyşdyrylýar. Sapaklar "ýönekeýden çylşyrymla" ýörelgesi esasynda guralýar. Okuwyň amaly bölegine (programmalary ýazmak we synag etmek), şeýle hem maglumatlary özleşdirmegiň oýun görnüşine köp üns berilýär.

10 ýaşdan 12 ýaşa çenli mekdep okuwçylary üçin has çylşyrymly «mBot-1» okuwlary hereket edýär. Okuw üçin «mBot» robotynyň çylşyrymly nusgasy ulanylýar, üstesine-de bu işde roboty düzmek we ýygnamak boýunça bilimler berilýär.

Robototehnika sapaklary 27-nji fewralda başlanýar. Her sapak 1,5 sagat dowam edýär. Okuw 18 sany esasy sapagy öz içine alýar, 19-njy sapakda okuwçylar synag tabşyrýarlar, ony üstünlikli tabşyranlaryndan soň olara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnama berilýär.

Çagany robototehnika okuwyna ýazdyrmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69. Salgysy: Aşgabat, köç. Atamyrat Nyýazow (öňki Çehow), 147, «Merdana» binasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň