Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer ýükli üçünji uçary ibermäge taýynlanýar

20:0314.02.2023
0
24595

Türkmenistan Türkiýedäki ýer titremelerinde ejir çekenler üçin ynsanperwer ýükli üçünji uçary ibermäge taýynlanýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral mälim etdi.

Togan Oral Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere kömek etmek üçin Aşgabatdaky Türk wiza merkezinde guralan haýyr-sahawat çäresinde çykyş edip, Türkmenistanyň kömek bermek üçin hereket eden ilkinji ýurtlaryň biridigini nygtady.

— 7-nji fewralda 10 adamdan ybarat saglygy goraýyş işgärleri derman serişdeleri bilen Türkiýä ugradyldy. Şondan kän wagt geçmänkä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi arkaly ikinji uçar bilen ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermek isleýän jemgyýetçilik guramalaryndan, kompaniýalardan we raýatlardan ýygnalan ynsanperwerlik kömegi Türkiýä iberildi. Häzirki wagtda üçünji uçar hem ugramaga taýynlanýar — diýip, ilçi belledi.

Ilçi elhenç betbagtçylykdan alnan ýaralary el-ele berip bejermek üçin Türkiýäniň hökümetiniň we halkynyň uly tagalla edýändigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkyna gynanç sözleri we ýurduň ejir çeken sebitleriniň tiz dikeldilmegini baradaky arzuwlary üçin sagbolsun aýtdy.

— Zerurlyklar gün-günden üýtgeýär we öňküsinden tapawutlanýar. Şol sebäpden, biz kömegiň ýurdumyza ýetirmäge we ejir çeken ilatyň gyssagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga çalyşýarys — diýip, türkmenistanlylaryň Türkiýedäki ýer titremeler wagtynda türk ilatynyň arasynda ýüze çykan gyssagly zerurlyga düşünýändigini belledi. Şeýle hem ol ýaşamaga ýer döretmegi jaýyny guramak we ýyly eşikler bilen üpjün etmek iň möhüm zerurlykdyr diýip, ilçi aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň