Fransiýada dünýäde iň uly ýelkenli syýahat gämisi – «Orient Express Corinthian» dabaraly ýagdaýda suwa goýberildi. Uzynlygy 220 metr bolan gämi 2026-njy ýylda ilkinji syýahata ugrar hem-de Ýewropa bilen Karib adalarynyň arasynda gatnar diýip, «news.mail.ru» habar berdi.
Gämi 110 ýolagça niýetlenen, olary 54 sany kaşaň otaglarda ýerleşdirerler. Kaýutalarynyň meýdany 45 metrden 230 metre çenli diýlip, habarda bellenýär. Ilkinji syýahat 2026-njy ýylyň iýunynda meýilleşdirilýär.
«Orient Express Corinthian» fransuz we italýan Riwýerleriniň, Ortaýer we Adriatik deňizleriniň arasynda gatnaw eder, gyşyna bolsa, Karib sebitine ýola düşer.
Gämi suwda deňiz süýdemdirijileri bilen çaknyşykdan goramak üçin emeli aň ulgamy bilen üpjün edilendir.