Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkiýedäki güýçli ýer titremesi bilen baglanyşykly gynanç bildirdi

09:4607.02.2023
0
39647

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

6-njy fewralda bolan söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi.

DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, R.Meredow pida bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirdi, ýaralananlara tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň