Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze merkezi – Arkadag – «ýaşyl» we «akylly» şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy

10:4806.02.2023
0
40891

1. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen «Astana» Halkara maliýe merkeziniň Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýewiň arasynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda Arkadag şäheriniň «Ýaşyl şäher« we «Akylly şäher» ölçeglerine laýyklygyny tassyklaýan ýörite şahadatnamalary almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýaşyl maliýe pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şol sanda hünärmenleriň alyş-çalşygyny amala aşyrmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Aral deňziniň zolagynda ekoturizmi ösdürmek bilen baglanyşykly, şeýle hem ýaşyl uglewodorodlary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekmek bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi.

3. Täjigistanyň meşhur aýdymçy Penži Annaýew Aşgabatda boldy. Onuň türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň öňünde düşüren wideosyna «TikTok-da» eýýäm 130 müňden gowrak adam tomaşa etdi. Türkmen hem-de täjik dillerinde halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçy türkmen aýdym-saz söýüjileri üçin ençeme gezek çykyş etdi we hemişe uly üstünlik gazandy. Penži Annaýew gelip çykyşy boýunça türkmendir. Onuň täjik we türkmen dillerindäki şekilli aýdymlaryna «YouTube-da» millionlarça adam tomaşa edýär.

4. Hindistandan Gazagystana barýan konteýner otlusy Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Künji tohumy ýüklenen konteýnerler Hindistanyň Mundra portundan Arap deňziniň üsti bilen Eýranyň Bandar-Abbas portuna deňiz arkaly iberildi. Ondan soňra ýükler demir ýol ulagy arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçip, Almaty şäherine iberiler. Syýahat jemi 20 günden gowrak wagt alar.

5. Azerbaýjanyň ilkinji ýük we ýolagçy paromy «Zarifa Aliýewa» Türkmenbaşy portuna geldi. Howanyň şertlerine baglylykda, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasynda parom gatnawynyň dowamlylygy 5-6 sagada deňdir. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gatnaw eder.

Dünýäde

6. Gonkongyň ýolbaşçylary syýahatçylygyň dikeldilmegine kömek etmek üçin 2023-nji ýylda 500 müň sany petegiň mugt paýlanjakdygyny habar berdiler. Bäsleşik 2023-nji ýylyň mart aýynda başlanar we ilkinji iki aýda diňe Günorta-Gündogar Aziýanyň we Hytaýyň ýaşaýjylary üçin, maý aýyndan başlap bolsa ähli isleg bildirýänler üçin elýeterli bolar.

7. Şengen wizalary üçin arzalary onlaýn ýagdaýda kabul etmek meýilleşdirilýär. Ýewroparlament wizany sanlylaşdyrmak baradaky taslamany makullady – bu taslama dolulygyna onlaýn tertibine geçmegi, şol sanda fiziki arzalaryň we pasportlara ýelmenýän wiza ýazgylarynyň ret edilmegini göz öňünde tutýar. Ähli arzalaryň ýüz tutmalary bermek üçin ýurdy awtomatiki usulda saýlaýan ýeke-täk onlaýn meýdançada işleniljekdigi çaklanylýar. Saýlaw ýüz tutujynyň haýsy ýurtlara we haýsy yzygiderlilikde baryp görjekdigine bagly bolar.

Sport habarlary

8. Russiýaly MMA söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko «Bellator» nusgasy boýunça agyr agram derejesinde dünýäniň çempiony derejesini almak ugrundaky tutluşykda Raýan Baýderden ýeňildi. Tutluşyk 39 ýaşly amerikalynyň birinji raundda nokaut bilen ýeňmegi esasynda tamamlandy. Raýan Baýder 46 ýaşly rus türgenini tutluşyk başlandan 2 minut 30 sekunt soň nokaut etdi. Bu söweş Fýodor Ýemelýanenko üçin karýerasyndaky iň soňky tutluşyk boldy. Ol MMA-da 48 tutluşyk geçirdi, şolaryň 40-synda ýeňiş gazandy we ýedisinde ýeňildi. Bir tutluşyk bolsa nädogry diýlip yglan edildi.

9. «Kitçi» toparynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «Şam-Şuý-Po» toparyna garşy ýeňiş bilen tamamlanan duşuşykda bir pökgi geçirdi. Oýun 7:0 hasabynda tamamlandy. Mingazow duşuşygyň 13-nji minudynda tapawutlandy. Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň häzirki möwsüminde onunjy pökgüsini tora girizdi. Ol 11 pökgi geçiren Çernogoriýaly Deýan Damýanowiçden soň iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda ikinji orunda barýar. «Kitçi» çempionatda dokuzynjy ýeňşini gazandy we 27 utuk bilen sanawda birinji orny eýeleýär.

10. Türkmenistanly Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanda «Abdyş-Ata» toparynyň düzüminde dostluk duşuşygyna çykdy. Dostluk duşuşygynda «Abdyş-Ata» 2: 0 hasabynda «Kara-Balta» toparyndan üstün çykdy. Pökgüleri tora Mirbek Ahmataliýew we Ilýa Kožuhar saldy. Ýatlatsak, 22 ýaşly Çaryýew Türkmenistanyň çempionatynda «Energetik» toparynda meýdançanyň sag tarapynyň goragçysy hökmünde çykyş edýärdi. Asly Maryly oýunçy Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-23) düzüminde alty oýna gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň