Soňky habarlar

Arhiw

Wolodin Hazarýaka döwletleriň parlamentara maslahatyny geçirmegi teklip edýär

14:5530.01.2023
0
26903

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň başlyklarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmäge bil baglaýandygyny aýtdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Hazar deňziniň ýokary geosyýasy we ykdysady ähmiýetini göz öňünde tutup, «Hazar bäşligi» (Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran) çägindäki hyzmatdaşlyk häzirki wagtda aýratyn orny eýeleýär. Bäş döwletiň Baştutanlary bilen baglaşylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi «Hazaryň bäşliginiň» parlament ölçeginiň emele gelmegine kömek eder. Hazarýaka ýurtlarynyň parlamentleriniň başlyklarynyň gatnaşmagynda maslahatyň her döwletde öz gezeginde geçirilmegine garaşýarys» diýip, rus parlamentiniň spikeri aýtdy.

Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahaty 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibiniň goldaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň