Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen ýekşenbe güni Aşgabada geldi. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde wekiliýet birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň mejlis agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze usullaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada resmi sapar bilen gelen güni Mejlisdäki kärdeşleri bilen ilkinji duşuşyklary geçirdi.
Döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň düzüminde Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, GDA meseleleri, Ýewraziýa integrasiýasy we watandaşlar bilen gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Kalaşnikow,Sebit syýasaty we ýerli öz-özüni dolandyryş komitetiniň başlygy Alekseý Didenko, Ylym we ýokary bilim komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Mažuga, Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Irina Rodnina bar.