Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini kesgitlemek barada şertnama taýýarlaýar

21:4525.01.2023
0
38143

Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

24-25-nji ýanwarda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetiniň düzümine daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bilelikdäki iş toparynyň mejlisiniň dowamynda Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda kesgitlemek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-nji ýylyň 12-13-nji sentýabrynda hem Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirilipdi.

Ozal Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisiniň geçirilendigini habar beripdik.

2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde uglewodorod serişdelerini gözlemek, özleşdirmek we işläp düzmek babatda iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň